Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji maýda Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýagy kabul etdi.
Şeýle hem şol gün bu ýerde Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerlemeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi.
Gahryman Arkadag aýdylan teklibi oňlady we gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH ýazýar.