Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa binasyna we ýurduň Baş baýdagyna gül goýdy

23:2518.05.2025
0
16632

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Aşgabatda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurduň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir bilen Konstitusiýa binasynyň öňünde baýramçylyk dabaralary badalga aldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, talyp ýaşlar hem-de Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanansoň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi bu ýerde gül desselerini we çemenlerini goýdular.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak çäresi tamamlanandan soňra, dabaralar Aşgabatdaky Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde hem Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanansoň, Prezident Serdar Berdimuhamedow baýdak sütüniniň öňünde gül çemenini goýdy. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň