Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçiriler

10:0018.05.2025
0
22010

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýär. Şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde mynasyp goşant goşan, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy bolar. Şeýle hem dünýäniň belli halyşynaslarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň