Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilmegine görä, halkara sergä we maslahata ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, ýurduň edara-kärhanalary, telekeçileri we işewürleri gatnaşarlar. Onda paýtagt şäheriň ajaýyp keşbi hem-de milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Baýramçylyk mynasybetli gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyny we beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.