Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

09:5418.05.2025
0
24744

17-nji maýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminama Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerlemeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy aýdylan teklibi oňlady we gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň