Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýanyndaky hemişelik wekili «Ýeňşe alyp barýan ýol» atly sergä gatnaşdy

20:2017.05.2025
0
17670

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki guramalarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekili, Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti we Hemişelik wekiller geňeşiniň agzalary bilen bilelikde Minsk şäherindäki «BelEkspo» halkara sergi merkezinde açylan «Ýeňşe alyp barýan ýol» atly sergä gatnaşdy.

Beýik Watançylyk urşunda sowet halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan bu sergide 600-den gowrak täsin eksponat görkezilýär. Olar Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň hem-de ýurduň ýene-de 24 sany muzeýiniň hakyky gymmatlyklaryndan ybaratdyr diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýty habar berilýär.
Serginiň esasy bölegi Gaýrat meýdançasynyň täzeden dikeldilen görnüşidir. Onuň töwereginde bolsa tematik bloklar taryhy hronologiýa boýunça ýerleşdirilipdir:
«Faşistik Germaniýanyň Sowet Soýuzyna hüjümi. Brest galasynyň gahrymançylykly goragy. Belarusyň çäklerindäki goranyş söweşleri»; «Belarus halkyna garşy genosid»; «Belarusyň çäklerinde partizançylyk göreşi»; «Beýik Watançylyk urşunda möhüm söweşler (Moskwa üçin söweş, Stalingrad söweşi, Kursk söweşi)»; «Belarusyň azat edilmegi»; «Ýewropanyň azat edilmegi. Faşistik Germaniýanyň ýeňilmegi. Urşyň netijeleri»; «Belarusda Beýik Watançylyk urşunyň ýadygärligini saklamak».
Sergi interaktiw görnüşde guralyp, onda dürli kartalar, filmler, terminalar we gologrammalar görkezilýär. Şeýle hem multimediýa serişdeleri arkaly Stalingrad we Kursk söweşleri ýaly möhüm front söweşleri barada gürrüň berilýär.
Bu ýerde Sowet Soýuzynyň çäklerindäki iň uly ölüm lageri bolan Trostenets lagerinde saklanan tussaglara degişli zatlar hem görkezilýär. Bu lager Minsk şäherinden bary-ýogy 10 km uzaklykda ýerleşýärdi.
Serginiň çäklerinde ýurduň dürli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň we belarus estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreler hem geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň