Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň pawilýony Ýaponiýada Expo 2025-de öňdebaryjy üçlüge girdi

18:3517.05.2025
0
26653

Türkmenistanyň pawilýony Osakada geçirilýän Bütindünýä Expo 2025 sergisinde iň täsirli milli ekspozisiýalaryň reýtinginde üçünji orny eýeledi. Bu netije Ýapon teleýaýlymy ABC Television (Asahi Broadcasting Corporation) tarapyndan geçirilen sorag-jogaba esaslanyp çykaryldy. Sorag-jogaba sergini synlan 100 adam gatnaşdy, birinji we ikinji orny Fransiýanyň we Kuweýtiň pawilýonlary eýelediler.

Teleýaýlymyň habarçylarynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň pawilýonynyň arhitektura çözgüdi aýratyn üns çekýär. Binanyň daş keşbi agşam wagtlary has täsirli görünýär. Şol wagtda onuň diwarynda ak bedew atyň proýeksiýasy peýda bolýar, bu bolsa pawilýony has owadan we ýatda galyjy edýär.

Içki ekspozisiýa syýahatçylara Türkmenistanyň ilatynyň gündelik durmuşynda ulanylýan öý goşlary we azyk önümlerini görkezýär. Türkmenistanyň başlangyç mekdeplerinde ulanylýan ýapon dili okuw kitaplary ýapon köoçüliginde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şeýle-de ekspozisiýanyň aşhana bölüminde žurnalistler türkmen çaý toplumy we milli tagam bolan pişme bilen hödürlenilişini ýokary bahalandyrdylar.

"Daşyndan – kert, içinden ýumşak, we tagamy – örän süýji... Çaýyň ýeňil ajylygy gowrulan tagamyň ýaglylygy bilen gowy utgaşýar – kämil utgaşyk we günortanlyk nahar üçin ajaýyp sazlaşyk", – diýip ABC-niň habarçysy täsirleri bilen paýlaşdy.

Milli türkmen sowgatlyk harytlary duran tekje, şol sanda baý medeniýeti we däp-dessurlary görkezýän el işi halylar hem syýahatçylaryň aýratyn ünsüne mynasyp boldy.

Bütindünýä Expo 2025 sergisi bir aý öň açyldy we Osakada şu ýylyň güýzüne çenli dowam eder.​​​​​​​​​​​​​​​​

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň