Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:5317.05.2025
0
10328

Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Türkmenistan haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna iberer, türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Gara deňiz sebitine baryp gördüler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşler dostluk, ynanyşmakwe özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/91133/gurbanguly-berdymuhamedov-i-vladimir-putin-otmetili-razvitie-otnoshenii-turkmenistana-i-rf

2. Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Resminama bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin howa gämisiniň ýörite gatnawynyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny guramak tabşyryldy.

https://turkmenportal.com/blog/91141/turkmenistan-otpravit-v-saudovskuyu-araviyu-dlya-soversheniya-hadzha-289-palomnikov

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi.

https://turkmenportal.com/blog/91135/gurbanguly-berdymuhamedov-prizval-islamskie-strany-obrazovat-edinyi-energopoyas

4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kazan şäherine saparynyň çäklerinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

https://turkmenportal.com/blog/91134/gurbanguly-berdymuhamedov-i-rustam-minnihanov-obsudili-razvitie-sotrudnichestva

5. Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan Respublikasynda geçirilýän «Russia Halal EXPO 2025» halkara sergisinde ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini görkezdi. Ýurduň milli pawilýony çärä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary serginiň myhmanlaryna, aýratyn-da Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna hem-de olaryň talyp ýoldaşlaryna oba hojalyk önümlerini hödür etdiler.

https://turkmenportal.com/blog/91139/pavilon-turkmenistana-vpechatlil-gostei-russia-halal-expo-produkciei-vysokogo-kachestva

6. Türkmen žurnalistleri üç günlük iş saparynyň dowamynda Türkiýäniň Gara deňiz sebitiniň syýahatçylyk we medeni mümkinçiliklerini öwrendiler. «Turkmenportalyň» wekilleri Trabzon we Rize şäherlerine baryp gördüler. Wekiliýet Trabzonda Atatürküň köşgüne, 1200 metr belentlikde ýerleşýän gadymy Sümela monastyryna, Aýa-Sofýa metjidine we Orta Mahalle etrapçasyndaky osmanlylaryň adaty öýlerine baryp gördi. Türkiýäniň çaý senagatynyň merkezi bolan Rize şäherinde žurnalistler dag belentligindäki çaý plantasiýalary, ýerli çaý önümçiligi bilen tanyşdylar we ony dadyp gördüler.

https://turkmenportal.com/blog/91150/turkmenskie-zhurnalisty-issleduyut-turisticheskii-potencial-chernomorskogo-regiona-turcii

Dünýäde

1. Braziliýada howply himiki suwuklyk daşaýan ýük awtoulagy ýol-ulag heläkçiligine uçrady. Netijede, daşalýan ähli suwuklyk derýalara we köllere guýuldy, olar adaty bolmadyk açyk gök reňke boýaldy. Betbagtçylyk diňe bir ösümliklere däl, eýsem haýwanlara-da täsir etdi. Ýaramaz täsir netijesinde balyklar gyrylýar, haýwanlarda we guşlarda olara mahsus bolmadyk reňk öwüşgini hasaba alyndy. Suw gemrijileri, guwlar, ördekler ejir çekýärler. Häzir alymlar suwuň hilini we hapalanma derejesini barlaýarlar.

https://turkmenportal.com/blog/91144/v-brazilii-vodoemy-stali-yarkosinimi-posle-utechki-toksichnyh-himikatov

Sport täzelikleri

1. Arkadag şäherinden bolan B.Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparynyň arasynda geçiriljek duşuşyga bellenildi. «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk 18-nji maýda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda geçiriler we ýerli wagt bilen 17:45-de başlar.

https://turkmenportal.com/blog/91126/arbitr-iz-arkadaga-naznachen-na-match-11go-tura-cht-altyn-asyr--ahal

2. «Barselona» futbol boýunça Ispaniýanyň täze çempiony boldy, möwsümiň tamamlanmagyna iki duşuşyk galanda La Liganyň 36-njy tapgyrynda «Espanýol» klubyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, özüne çempionlyk adyny üpjün etdi. Ýeňijileriň düzüminden Lamin Ýamal we Fermin Lopes tapawutlandy.

https://turkmenportal.com/blog/91117/barselona-dosrochno-stala-chempionom-ispanii-obygrav-espanol

3. Türkmen diplomatlary Kazanda geçirilen forumda «Rubiniň» meşhur ozalky oýunçylaryna garşy futbol ýaryşyna gatnaşdylar. Oýun «KazanForum» halkara forumynyň çäklerinde «Ýaş gwardiýa» sport-sagaldyş lagerinde geçirildi. Türkmen diplomatlary Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we Bahreýn, Eýran, Marokko we Oman ýaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen bilelikde çykyş etdiler. Türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagyna garamazdan, «Diplomatlar» topary 4:7 hasabynda garşydaşlaryndan ýeňildi.

https://turkmenportal.com/blog/91153/turkmenskie-diplomaty-prinyali-uchastie-v-futbolnom-matche-v-ramkah-foruma-rossiya--islamskii-mir

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň