Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer Ali Alshehrynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
16-njy maýda geçirilen duşuşykda Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýetini belläp geçdiler.
Şeýle-de milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Taraplar özara hormat goýmak, deňhuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.