Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana saparynyň çäklerinde G.Kamalyň adyny göterýän Tatar döwlet akademiki teatrynyň täze binasyna baryp gördi. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň täzelenýän medeni paýtagtynyň nyşanlarynyň birine öwrülen bu binanyň gurluşy, döwrebap arhitektura aýratynlyklary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagy teatr işgärleri mähirli garşyladylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazanda Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirendigini habar beripdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumyna gatnaşdy, şeýle-de onuň dowamynda maksatnamalaýyn çykyş edip, birnäçe teklipleri öňe sürdi.