Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÇaparPay bilen halaýan aýdym-sazlaryňyzy diňläň: täze Hiňlen bölümi indi goşundyda elýeterlidir

16:5216.05.2025
0
22556

Onlaýn tölegler üçin niýetlenen ÇaparPay ykjam goşundysy Hiňlen atly täze bölümi goşmak bilen, öz mümkinçiliklerini giňeltdi. Bu ulanyjylara giň aýdym-saz kontentine elýeterliligi üpjün edýän Hiňlen atly mukamlar striming (alyp görkezmek ýa-da eşitdirmek) hyzmaty bilen birleşmegiň netijesidir.

Indi ÇaparPay ulanyjylary öwrenişen goşundysynyň üsti bilen Hiňlene ýazylyp, ony aňsatlyk bilen we amatly ýagdaýda töläp bilerler. Ulanyjylar dürli PREMIUM ýazylyşyk görnüşlerinden birini saýlap bilerler: 1 aý, 3 aý, 6 aý we 1 ýyl.

Hiňlen goşundysy saz söýüjilere halaýan aýdymlaryny diňlemek üçin çäksiz mümkinçilikleri hödürleýär. Hyzmat häzirki zaman meşhur aýdym-sazlardan başlap nusgawy eserlere çenli, saz žanrlarynyň giň gerimini öz içine alýar, bu bolsa her bir ulanyjynyň öz islegine görä eý görýän mukamyny tapmagyna mümkinçilik berýär. Hiňlene ýazylmak bilen, öz halaýan aýdymçylaryň täze hitlerine we olaryň täze çykarýan aýdymlaryny yzarlap, amatly we düşnükli pleýer arkaly ýokary hilli sesden lezzet alyp bilerler.

ÇaparPay – ulanyjylara diňe bir amatly töleg gurallaryny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem güýmenje mazmunyna elýeterliligi teklip edýän köp maksatly platformadyr!

ÇaparPay goşundysyny GooglePlay we AppStore goşundylaryndan ýükläp, alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň