Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» SDAM-da «Abraýly Rysgal» naýbaşy şweýsar sagatlarynyň dükany açyldy

12:3216.05.2025
0
23617

«Aşgabat» SDAM-da täze «Abraýly Rysgal» şweýsar sagatlarynyň dükanynyň açylyş dabarasy boldy. Dükanda dünýä belli sagat brendleriniň giň toplumy hödürlenýär. Şweýsar sagatlary uzak wagtdan bäri ýokary hiliň, innowasion tehnologiýalaryň we ýokary derejäniň nyşany hasaplanyp, eýeleriniň ajaýyp stilini we üstünliklerini şöhlelendirýär.

«Abraýly Rysgal» sagatlary göni Ýewropadan getirýär we sagat mehanizmine kepillik berýär. Şeýle hem alyjylar hereket edýän 5% arzanladyşdan peýdalanyp bilerler.

Mundan başga-da, özbaşdaklyga ymtylýanlar üçin müşderiniň aýratyn isleglerine görä sagat sargyt etmek hyzmaty bardyr.

Täze «Abraýly Rysgal» dükany «Aşgabat» SDAM-yň nolunjy gatynda, «Aşgabat» gipermarketiniň çäginde ýerleşýär. Goşmaça maglumat almak üçin (+993 62) 69 48 48 telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň