Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisine Milli pawilýony bilen gatnaşýar

10:3716.05.2025
0
13567

Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony gatnaşýar. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurduň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Pawilýonda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç – energetika, himiýa, azyk, ýeňil, hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri we beýleki önümler görkezilýär.

Türkmenistanyň pawilýonynda halkyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär.

Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda meşhur türkmen halylary we ajaýyp şaý-sepler bar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň