Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi

10:0316.05.2025
0
10750
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: sport — parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Ol halkara derejede guralýan sport ýaryşlarynda türgenleriň netijeli çykyş edip, bütin dünýäde türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermek ugrunda gazanýan ýeňişleriniň we üstünlikleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Maslahata ýurduň Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşulylar we eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, sport, medeniýet, sungat, bilim, ylym ulgamlarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler, ilki bilen, şanly ýylda Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanylan uly üstünlik bolup halkyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülen «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda gazanan taryhy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutladylar we şeýle ýeňişleriň dowamly bolmagyny arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň