Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi

22:2315.05.2025
0
24766

Türkmenistanda 18-nji maýdaky, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç güni 19-njy maýa, duşenbe gününe geçirildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.

Resminama ýurduň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyn Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň