Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Tarlan» kompaniýasy: ýörite lybaslaryň we iş egin-başlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär

17:0315.05.2025
0
22363

«Tarlan» kompaniýasy hyzmat ulgamy üçin adaty çözgütleri gurşap alýan ýörite lybaslarynyň giň görnüşlerinden başlap, senagat we gurluşyk kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen iş egin-başlarynyň dürli modellerini hödürleýär.

«Tarlan» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy artykmaçlyklarynyň biri korporatiw müşderiler üçin iň amatly şertleri döredýän nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiliginiň döredilmegidir. Kompaniýa şeýle hem buýurmalaryň çalt ýerine ýetirilmegine we sargyt edilen eşikleri ýokary hilli tikmeklige aýratyn üns berip, iş egin-başlarynyň her bir işgär üçin laýyk bolmagy üçin şahsy ölçegleri hödürleýär.

«Tarlan» kompaniýasynyň önümlerini indi A-sushi restorany, «Orbita» restorany, By Benik restorany, Lavka çörek bişirijisi, Argentina Grill steýk-haus garbanyşhanasy, şeýle hem Gap Inşaat, Caddel Construction we «Altyn Nesil» ýaly iri gurluşyk guramalary ýaly köp meşhur kompaniýalar we brendler sargyt edýärler.

Aşgabatda 29-njy aprelden 1-nji maýa çenli geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar 2025» ITSE sergi-ýarmarka üstünlikli gatnaşmagy kompaniýa üçin möhüm waka boldy. «Tarlan» kompaniýasy ussatlyk sapaklar zolagy üçin hemaýatkärlik etdi, ol sergä gatnaşyjylaryň we çäräniň myhmanlarynyň arasynda ep-esli gyzyklanma eýe boldy. Bu hemaýatkärlik goldawy kompaniýanyň Türkmenistanyň bazaryndaky işjeň ornuny we iş aragatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ymtylmasyna şaýatlyk edýär.

«Tarlan» islendik iş görnüşleri üçin ygtybarly we ýokary hilli iş lybaslarynyň ynamdar öndürijisi hökmünde özüni tanatdy. Kompaniýa önümçiligiň ýokary standartlaryny her bir müşderi bilen aýratyn çemeleşme bilen üstünlikli utgaşdyrýar. Hil gözegçiligi we diňe ygtybarly we berk materiallary ulanmak «Tarlan» üçin ileri tutulýan ugurlar bolup, işgärleriň tutuş iş gününiň dowamynda olaryň rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär.

Goşmaça maglumat almak we sargyt etmek üçin «Tarlan» kompaniýasy bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 63) 322222, (+993 61)101331. Şeýle hem sosial ulgamlardaky sahypasyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň