Düýn 14-njy Maýda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazruini we Daşary işler ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi hem kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhmanlar BAE-niň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdylar. Olar BAE-niň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmmanlary mähirli mübärekläp, BAE-niň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutany duşuşykda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy we ADNOC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.