Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

17:0214.05.2025
0
25483

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag» toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady, «Arkadagyň» baýrak pullary Aşgabatda çagalar kitaphanasyny gurmak üçin ulanylar, Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Ýatlama seýilgähi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna eýe bolmagy mynasybetli gutlady. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan bu uly üstünlik hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Siziň gazanan nobatdaky ýeňşiňiz bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýy has hem belent derejelere çykýar» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda belledi.

https://turkmenportal.com/blog/91018/gurbanguly-berdymuhamedov-pozdravil-arkadag-s-pobedoi-v-lige-vyzova-afk

2. «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gazanan pul baýragy Aşgabatda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler. «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşyňyzy göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara geldik» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyna iberen Gutlagynda belleýär.

https://turkmenportal.com/blog/91019/prizovye-sredstva-arkadaga-napravyat-na-stroitelstvo-detskoi-biblioteki-v-ashhabade

3. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanaşyk çäginde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Ýatlama seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Çäräniň dowamynda 100-den gowrak pürli we saýaly agaç nahaly oturdyldy.

https://turkmenportal.com/blog/91022/alleya-pamyati-otkryta-u-posolstva-rf-v-ashhabade-v-chest-80letiya-pobedy

4. 19-20-nji maýda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde dürli ýurtlardan akademiki aýdym-saz ýyldyzlaryny bir sahnada jemlejek «Parahatçylyk sazy» atly festiwal geçiriler. Çäräniň myhmanlarynyň hatarynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly halkara sungat festiwalynyň sungat müdiri Mämmet Guseýnow we onuň aýaly, opera aýdymçysy, Moskwanyň «Gelikon-opera» teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa hem bolar.

https://turkmenportal.com/blog/91026/v-ashhabade-v-mae-sostoitsya-mezhdunarodnyi-festival-muzyka-mira

5. Türkmenistanly mekdep okuwçylary 5 — 13-nji maý aralygynda Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde geçirilen himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynda 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Hususan-da, türkmenistanly mekdep okuwçylardan Rüstem Jumaýew kümüş, Aýgül Atajanowa, Diýar Döwletow we Jeren Akmyradowa dagy bürünç medal bilen sylaglandylar. Halkara olimpiada dünýäniň 40 döwletinden 200-e golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/91001/shkolniki-turkmenistana-zavoevali-medali-na-mendeleevskoi-olimpiade-v-brazilii

6. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy. BMG-niň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi.

https://turkmenportal.com/blog/91024/glava-mid-turkmenistana-vstretilsya-s-postoyannymi-koordinatorami-oon-v-stranah-ca

Dünýäde

1. 13 – 18-nji maý aralygynda Kazanda geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy 103 ýurtdan 10 müňden gowrak adamy özüne çekdi. Çäre Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çykyşy bilen açyldy. Iň uly wekiliýetler Malaýziýa, Türkiýe, Owganystan, Türkmenistan, BAE, Eýran, Nigeriýa we Senegal ýaly ýurtlardan geldi.

https://turkmenportal.com/blog/91020/v-kazani-startoval-mezhdunarodnyi-ekonomicheskii-forum-rossiya--islamskii-mir-kazanforum

2. «Apple» kompaniýasy pikiriň güýji bilen enjamlary dolandyrmak üçin innowasion interfeýsi işläp düzýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tehnologiýa ägirdi Amerikanyň «Syncron» startapy bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Syncron» implantynyň özboluşly aýratynlygy onuň minimal inwaziwligi – ol kelleçanaga hirurgiki gatyşma zerurlygy bolmazdan, ýeňsedäki goşa wena damaryna gurnalýar. Enjam hereket niýeti bilen baglanyşykly nerw signallaryny okaýar we olary «iPhone», «Apple Vision Pro» we «Apple» ekosistemasyndaky beýleki enjamlar üçin buýruklara öwürýär. Tehnologiýa häzirki wagtda hereket bozulmalary bolan näsaglaryň arasynda synagdan geçirilýär. Maksatnama gatnaşyjylaryň biri eýýäm pikiriň güýji bilen «Apple Vision Pro-nyň» funksiýalaryny işjeňleşdirip, enjamy aragatnaşyk we güýmenje üçin ulanýar.

https://turkmenportal.com/blog/91013/apple-testiruet-tehnologiyu-upravleniya-gadzhetami-siloi-mysli

Sport habarlary

1. Kuweýtde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 45-nji Baş Assambleýasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Baş Assambleýanyň işine Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki Prezidenti Tomas Bah, täze saýlanan Prezidenti Kirsti Kowentri, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, Aziýa federasiýalarynyň prezidentleri, şeýle hem Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Atajan Akmämmedow we Aziýanyň 45 döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/90997/gensek-olimpiiskogo-komiteta-turkmenistana-prinyal-uchastie-v-45i-generalnoi-assamblee-olimpiiskogo-soveta-azii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň