Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «SABA» brendiniň täze gazly içgileriniň tanyşdyryşy boldy

13:4214.05.2025
0
19766

Geçen dynç güni Aşgabat şäherindäki «Şamelek Toý Mekany» restoranynda «SABA» gazly içgileriniň täze görnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre interaktiw performans görnüşinde geçirilip, bu ýere çagyrylan myhmanlar Türkmenistanyň alkogolsyz içgiler bazaryndaky täze önümlere ilkinji bolup baha berdiler.

Içerki bazarda 2014-nji ýyldan bäri tanalýan we Türkmenistanyň miwe şireleri we alkogolsyz içgileri bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Miweli Oba» kompaniýasy täze gazlandyrylan içgileriniň alty sany esasy tagamyny hödürledi: «SABA Cola» içgisiniň iki görnüşi, «SABA Zirk» içgisiniň iki görnüşi, «SABA Mohito» we «SABA Orange», şeýle hem gazlandyrylan mineral suw.

«Täze önümlerimiz diňe bir ýokary hilli tagamy bilen däl-de, eýsem Türkiýäniň öňdebaryjy dizaýn studiýalarynyň biri tarapyndan döredilen ajaýyp häzirki zaman dizaýny bilen hem tapawutlanýar. Dizaýn konsepsiýasyny döretmekde biz Türkmenistandan, Russiýadan, Awstriýadan we Türkiýeden dürli dizaýn hyzmatlarynyň 10-dan gowrak görnüşi bilen gyzyklandyk» diýip, kompaniýanyň wekili tanyşdyryş çäresiniň barşynda aýtdy.

Çärede önümçiligiň tehnologiki artykmaçlyklaryna aýratyn üns berildi. «Miweli Oba» Türkmenistanda gabyň birnäçe gezek açylandan soň hem içginiň gazynyň güýjüni saklamaga mümkinçilik berýän patentlenen nemes çuň gazlandyrma tehnologiýasyny ulanan ýeke-täk kompaniýa boldy. Şeýle hem önümçilikde diňe Germaniýadan satyn alnan tebigy maddalaryň ulanylýandygyna ähmiýet berildi.

«SABA» gazly içgileriniň täze görnüşleriniň resepti hem, edil hil gözegçilik ulgamy ýaly, Awstriýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň hünärmenleri bilen bilelikde işlenip düzüldi hem-de ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Kompaniýa şeýle hem «Pulpy» ýaly içinde tebigy miwe bölejikleri bolan içgileriň önümçiligi we miwe şireleriniň önümçiligine innowasion çemeleşmeleri bilen giňden tanalýar.

«SABA» gazly içgileriniň täze görnüş hatarynyň satuwy 2025-nji ýylyň aprelinde başlandy we eýýäm bütin ýurt boýunça bölekleýin satuw dükanlarynda uly isleg bilen satyn alynýar.

Önümçiligiň doly assortimenti bilen miwelioba.com.tm saýtyndan tanşyp bolýar.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy. TikTok.

Telefon belgisi: (+993 61) 23 91 00.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň