Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Eýran özara söwda dolanyşygyny 30 göterim ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler

11:5914.05.2025
0
12571
Türkmenistan we Eýran özara söwda dolanyşygyny 30 göterim ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler
Surat: Newscentralasia.net

2025-nji ýylyň 4 — 6-njy maýy aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde geçirilen Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan serginiň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda özara söwda dolanyşygynyň 30 göterim ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu möhüm çärä Türkmenistandan 53 sany hususy kärhana we 12 sany döwlet edarasy gatnaşdy. Bu barada 13-nji maýynda «Tehran Times» neşiri habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 600 million amerikan dollary töweregi boldy. Agzalan serginiň çäginde himiýa, nebit önümleri, gurluşyk materiallary, azyk senagaty, dokma hem-de logistika ugurlarynda gazanylan deslapky ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyna oňyn täsir etmegine garaşylýar.

Iki ýurt bank ulgamy, ulag, logistika we wiza bermek ýaly ugurlarda gurluşlaýyn päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleri alyp barýar. Eksporty we özara söwdany işjeňleşdirmek üçin ýörite ykdysady konsorsium döredildi diýlip, habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, iki ýurt ulag, tehniki-inženerçilik hyzmatdaşlygy hem-de energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem ýol tölegleriniň peseldilmegi, ulag akymlarynyň sazlaşdyrylmagy, bilelikdäki ulag infrastrukturalarynyň döredilmegi we şäherleriň arasynda ýolagçy uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň