«Katmer» kafesi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dürli görnüşli türk desertlerinden, şol sanda awtorlyk katmerden — pisse bilen doldurylan gatlakly süýjülikden lezzet almaga çagyrýar.
Bu ýere gelýänler desganyň ýakymly atmosferasynda özboluşly tagamyna we ysyna baha bermek üçin halaýan desertini saýlap bilerler.
Süýjüliklerden diňe öýde ýa-da ofisde lezzet almagy halaýanlar üçin bolsa «Katmer» amatly eltip berme hyzmatyny hödürleýär.
«Biziň süýjüliklerimiz arkaly türk aşpezlik däpleriniň baý dünýäsi bilen tanyş boluň» diýip kafeniň hünärmeni belleýär.
«Katmer» kafesi şu salgyda ýerleşýär: Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa).
Telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.