Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda pile öndürmekde uly işler alnyp barylýar

10:0714.05.2025
0
6955
Daşoguz welaýatynda pile öndürmekde uly işler alnyp barylýar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Daşoguz welaýatynda pile öndürmek möwsüminde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu ýylky möwsümiň başynda welaýatyň çägindäki inkubatorlaryň 67-siniň iş mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, olara gurçuk gutularynyň jemi 13 müň 691-si degişlilikde paýlanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Sebitiň ähli etraplarynyň ýöriteleşdirilen merkezlerinde pileçi kärendeçileriň öndüren önümini bökdençsiz kabul etmäge taýýarlyk görülýär. Olarda gelip gowşan piläni aýawly saklamak, arassalamak hem-de guratmak üçin zerur şertler döredildi.

2025-nji ýylda welaýat boýunça ýokary hilli piläniň 500 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýaty boýunça tut nahallaryny ekmek, olaryň sanyny köpeltmek babatda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. 2025-nji ýylda welaýat boýunça tut nahallarynyň 150 müň düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Onuň 75 müň düýbi ýaz möwsüminde ekildi. Bu işler pile önümçiliginiň ösdürilmegine hem täsir edýär.

Şu ýyl welaýat boýunça pile öndürijileriň 8 müň 700-si bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Häzirki wagtda demirgazyk sebitiň çäginde kän ýyllardan bäri pile önümçiliginde göreldeli zähmet çekýän, bu ugurda ýokary netijeler gazanýan tejribeli pileçi kärendeçileriň hatary ýylsaýyn artýar.

Şabat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mamagül Şakirowa pile öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijeler gazanýan ussat pileçileriň biri. Ol geçen ýyl jemi 350 kilogram pile öndürdi. Onuň ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idedip gazanan bu netijesi şertnamalaýyn tabşyrykdan 60 kilogram artyk boldy. Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginden Şirin Berdiýewa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamämmedow adyndaky daýhan birleşiginden Rejepmämmet Aşyrow, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Meýlis Geldiýew birnäçe ýyl bäri şertnamalaýyn tabşyrykdan artyk pile öndürip, ýokary netijeler gazanyp gelýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň