Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Tähranda geçirilen duşuşyga gatnaşdy

14:2313.05.2025
0
12526
Türkmenistan halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Tähranda geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Surat: Uza.uz

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýol pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk guraldy. Onda taraplar Ýewraziýa ulag geçelgesini ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa ugrunda netijeli we durnukly ulag geçelgesini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

Habarda bellenilişine görä, degişli ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk diňe bir sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, global logistika zynjyrynyň durnuklylygyny üpjün etmäge hem mümkinçilik döredýär.

Mysal üçin, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Gazagystanyň çäginden geçen Hytaý — Eýran ugry boýunça konteýner daşamalarynyň tizligi 2,6 esse ýokarlandy.

Duşuşygyň netijesinde taraplar degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, logistika işlerini utgaşdyrmak hem-de sebitiň ýurtlarynyň gatnaşmagynda döredilen halkara ulag geçelgelerini dünýä bazaryna çykmakda işjeň ulanmak babatda bilelikdäki tagallalary çaltlandyrmak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň