Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gürgen şäherinde Türkmenistanyň ilkinji ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi

10:5412.05.2025
0
14477

Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ilkinji ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň 12-si hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agzasy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gürgen şäheriniň Halkara sergiler merkezinde üç günläp dowam eden gözden geçiriliş azyk, dokma, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda Türkmenistanyň gazananlary we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döretdi.

Sergide Türkmenistanyň iri senagat düzümleriniň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürýän önümleri giňişleýin tanyşdyryldy. Şeýle hem dokma kärhanalarynyň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri hödürlenildi. Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän önümleri goňşy ýurduň ilatyna ilkinji gezek tanyşdyryldy.

Türkmen tarapyndan sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini hususy pudagyň wekilleri düzdi. «Ýigit», «Ter önüm», «Owadan ülke», «Aýly ýaz», «Ak Ýaprak» hojalyk jemgyýetleriniň ýetişdirýän ter miweleri, gök we bakja önümleri, olary gaýtadan işlemek arkaly öndürýän gaplama önümleri hem-de miwe suwlary görkezildi.

«Hasar», «Balam», «Bars» haryt nyşanly süýji-köke önümlerini öndürýän hususy telekeçiler eýranly işewürleri öz eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. «Täze Aý» hususy kärhanasynyň baý görnüşli önümleri hem sergide möhüm orun eýeledi.

«Geljege miras», «Bir kuwwat» hususy kärhanalary awtoulaglar we tehniki düzümler üçin öndürýän çalgy ýaglaryny we himiki suwuklyklaryny görkezdiler. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürýän kompýuter enjamlary, SIM we töleg kartlary, geçiriji kabelleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň çäklerinde iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň