Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy

10:5212.05.2025
0
8176
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Surat: Atavatan Türkmenistan

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen hlorly natrini hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi, nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 88 million manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň