Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

9-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5609.05.2025
0
29385

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, Mersi Germaniýanyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady, Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabara gatnaşmak üçin Moskwa bady we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady. «Parahatçylygy, dostlugy, erkana hem-de abadan durmuşa bolan belent söýgini dabaralandyrýan bu baýramyň mähriban halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/90865/serdar-berdymuhamedov-pozdravil-s-dnem-pobedy-narod-turkmenistana

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime deň boldy.

https://turkmenportal.com/blog/90862/prezident-turkmenistana-provel-zasedanie-kabmina-po-itogam-chetyreh-mesyacev-2025-goda

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli Fridrih Merse mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

https://turkmenportal.com/blog/90860/prezident-turkmenistana-pozdravil-merca-s-izbraniem-federalnym-kanclerom-frg

4. Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал постановление о создании Государственной комиссии по организованному проведению жатвы зерновых в 2025 году. Документ принят в целях укрепления экономического потенциала страны, увеличения объемов производства пшеницы и обеспечения продовольственной независимости.

https://turkmenportal.com/blog/90861/v-turkmenistane-sozdana-goskomissiya-po-provedeniyu-sbora-urozhaya-pshenicy

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy.

https://turkmenportal.com/blog/90877/prezident-turkmenistana-pribyl-v-moskvu-na-prazdnovanie-80letiya-pobedy

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli GDA ýurtlaynyň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gutlag hatynda bu baýramyň Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi.

https://turkmenportal.com/blog/90866/mirovye-lidery-pozdravili-prezidenta-turkmenistana-s-80letiem-pobedy

7. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuş senesinde üýtgeşme yglan etdi. Öň 9-njy maýda meýilleşdirilen (T5 715/716) gatnawlaryň senesi üýtgäp, uçuş 10-njy maýda meýilleşdirildi. Uçuşlaryň gidiş we geliş wagtlary üýtgemez, diňe uçuşlaryň senesi üýtgeýär.

https://turkmenportal.com/blog/90857/aviakompaniya-turkmenistan-perenesla-reisy-ashhabad--moskva--ashhabad-s-9-na-10-maya

Dünýäde

1. 137-nji Kanton ýarmarkasynda hytaý we halkara öndürijilerinden 4,5 million önümiň görkezilişi boldy. Ähli eksponatlaryň takmynan 25%-iniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary görkezýän täze innowasion önümlerdigi bellärliklidir. Robototehnika hyzmatlarynyň pawilýony myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu ýerde 46 sany hytaý kompaniýasy senagatyň 60 dürli pudagynda ulanylýan 500 sany ýokary tehnologiýaly robotlary görkezdiler.

https://turkmenportal.com/blog/90873/rekordnye-45-milliona-tovarov-predstavleny-na-137i-kantonskoi-yarmarke

2. Watikanda Rim-katolik ybadathanasynyň täze ýolbaşçysynyň saýlawy tamamlandy. Kardinallar amerikaly din wekili Robert Prewony saýladylar, ol Lew XIV adyny aldy we 267-nji Papa boldy.

https://turkmenportal.com/blog/90872/amerikanskii-kardinal-robert-prevo-izbran-novym-papoi-rimskim

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy (TFF) «D» derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin okuw-maslahatyna ýazylyşygy açdy. Okuw 24-25-nji maýda Aşgabatda geçiriler. Okuw-maslahata ýazylmak üçin 20-nji maýa çenli TFF-niň saýtynda elektron arzany doldurmalydyr.

https://turkmenportal.com/blog/90841/federaciya-futbola-turkmenistana-otkryla-nabor-na-kursy-dlya-trenerov

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň