«ВиБи Образование» JÇJ daşary ýurtda ýokary bilim almaga gyzyklanma bildirýän türkmen dalaşgärleri üçin Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikleriň geçiriljekdigini yglan edýär.
Bu çäre 22-26-njy maý aralygynda «Berkarar» işewürler merkeziniň 10-njy gatynda geçiriler. Söhbetdeşlikleriň geçirilýän wagty – 14:00-dan 17:00-a çenli.
Gatnaşyjylar Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bölümleriniň we fakultetleriniň ýolbaşçylary bilen, ýörite saýlap almaklygy geçirmek üçin Aşgabada gelen wekiller bilen şahsy duşuşmak üçin aýratyn mümkinçilik alarlar. Dalaşgärler bu söhbetdeşlikden geçip, elýeterli bolan okuw maksatnamalary, kabul edilmegiň şertleri we Belarusda ýaşaýşyň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumatlary alyp bilerler.
Mundan başga-da, bu söhbetdeşlige gatnaşmaga gelenleriň «Belawiýa» awiakompaniýasynyň awgust aýynyň ikinji ýarymynda amala aşyrjak W2744 Türkmenbaşy-Minsk uçaryna bilet utmaga mümkinçiligi bolar. Guramaçylar şeýle hem söhbetdeşlikden üstünlikli geçen ýagdaýynda, dalaşgäriň Belarus uniwersitetleriniň birine kepillikli kabul ediljekdigini wada berýärler.
Bilim babatynda hünärmenler ähli gyzyklandyrýan soraglara jogap bermäge we dalaşgärlere geljekki iş bilen üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri açyp görkezýän gymmatly maslahatlary bermäge taýýar bolarlar.
Çärä gatnaşmaklyga ýazylmak vbgroup.education@gmail.com elektron poçtasy arkaly açykdyr.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 102 212, (+993 71) 572 630, +375 29 855 10 60.
Ýewropanyň ýokary hilli bilimini almak mümkinçiligiňizi elden gidermäň!