Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyryldy, Türkmenistanyň Hormat garawulynyň rotasy Moskwadaky Ýeňiş mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelere seredildi.
https://turkmenportal.com/blog/90822/prezident-turkmenistana-provel-zasedanie-gossoveta-bezopasnosti
2. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberip, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
https://turkmenportal.com/blog/90824/gurbanguly-berdymuhamedova-priglasili-s-vizitom-v-azerbaidzhan
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň rotasy Moskwadaky Gyzyl meýdançada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe gatnaşar.
4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin girizen täze düzgünleri barada resmi maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar. Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 14-nji iýuldan başlap Aşgabat bilen Seulyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýar.
5. Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar. Uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dünýäde
1. Belgiýanyň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň birnäçesinden alymlar gözleg geçirdiler, onuň netijeleri häzirki nesliň ömrüniň dowamynda enelerine we atalaryna garanyňda birnäçe esse köp tebigy betbagtçylyklara sezewar bolýandygyny görkezýän. Gözlegçiler alnan maglumatlary tutuş adamzat üçin «gyzyl kod» hökmünde kabul etmäge çagyrýarlar. Olaryň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary 45% azaltmak boýunça çäreler görülmese, 2030-njy ýyllaryň başynda planetanyň gyzgynlygynyň artmagy kritiki +1,5°C görkezijiden geçer.
Sport täzelikleri
1. Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby ýarym finalyň jogap duşuşygynda Angliýanyň «Arsenal» klubyny 2:1 hasabynda ýeňip, UEFA Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Duşuşyk Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirildi. Final oýunda «PSŽ-niň» garşydaşy iki oýnuň jemi boýunça Ispaniýanyň «Barselonasyndan» üstün çykan Italiýanyň «Inter» topary bolar. Çempionlar ligasynyň finaly 31-nji maýda Mýunhende «Alýans Arena» stadionynda geçiriler.