Türkmen bazarynda telewizorlaryň täze brendi — eýýäm ýola goýlan pursatyndan ulanyjylara birgiden özüne çekiji aýratynlyklary we giň görnüşli modelleri hödürleýän «Belet» telewizorlary peýda boldy.
«Belet» telewizorlarynyň gurluşynyň näme aýratynlygy bar?
«Belet» telewizorlarynyň esasy aýratynlyklaryndan biri beýleki modeller bilen deňeşdirilende nawigasiýany ep-esli aňsatlaşdyrýan uzakdan dolandyryş pulty arkaly meşhur «Belet Film» we «Belet Wideo» hyzmatlaryna dessine girmek mümkinçiligidir.
Öndüriji önümleriniň hiline ynam bildirýär we «Belet» telewizorlarynyň ähli görnüşlerine 3 ýyllyk kepillik berýär. Mundan başga-da, alyjylara göwnejaý bonus hödürlenilýär: 43 dýuýmlyk modeli satyn alan müşderilere «Belet Film» we «Belet Video» platformalaryna 3 aýlyk mugt elýeterlilik berilýär, diagonaly 55 we 65 dýuýmlyk modeller üçin bolsa «Belet» hyzmatlary 6 aý mugt ýetirilýär.
«Belet» telewizorlarynyň dürli ölçegleri
Deslapky tapgyrda «Belet» müşderilere iň meşhur bolan ekran ölçeglerini hödürleýär: 43, 55 we 65 dýuýmlyk telewizorlar. Geljekde bolsa her kime öz öýi üçin iň laýyk gelýän warianty saýlamaga mümkinçilik berýän 32, 40, 50, 75 dýuýmlyk we ondan hem uly diagonally modeller alyjylara ýetiriler.
Tehniki aýratynlyklary
Tehniki aýratynlyklary boýunça 43 dýuýmlyk «Belet» telewizorlary 1,5 GB operatiw ýat (RAM), 8 GB gurnalan ýat (ROM) hem-de MediaTek prosessory bilen üpjün edilendir. Has öndürijilikli 55 we 65 dýuýmlyk modellerde bolsa 2 GB RAM we 16 GB ROM, şeýle hem programmalaryň işleýşini we kontenti has oňaýly görmegi üpjün edýän MediaTek prosessory bar.
Karzyna satyn alyp bolýar
Uzak möhletlik kepillikden başga-da, «Belet» önümlerini satyn almak üçin elýeterli şertlerde hödürleýär. Kompaniýa öz dükanlarynda täze telewizorlary örän amatly şertde — 6 we 12 aý garaşaryna bölekleýin töleg geçirmek esasynda alyjylara ýetirýär.
«Belet» telewizorlaryny eýýäm şu günüň özünde aşakdaky söwda nokatlaryndan satyn alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheri:
«Tehnokent» dükany («Arkaç» SDAM-yň 1-nji we 0-njy gatlarynda), telefon belgileri: (+993 65) 92 29 76.
«Eurolux» dükany, № 113 («Çandybil» bazarynyň 1-nji gatynda).
№ 142 dükany («Teke» bazary).
Türkmenabat şäheri:
«TCL» dükany (5-nji bazar).
«X-Mobile» dükany (S.Nyýazow şaýoly).
Daşoguz şäheri:
«LG» dükany (A.Nyýazow köçesi, 50/2).
Türkmenbaşy şäheri:
«SAMSUNG» dükany (Garaşsyzlyk köçesi, 2-nji jaý).
Täze «Belet» telewizorlarynyň ähli peýdaly taraplaryna baha bermek mümkinçiligini elden gidirmäň!