Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Moskwada Gyzyl meýdandaky Ýeňiş paradyna gatnaşar

10:0808.05.2025
0
24434

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hormat garawulynyň rotasy Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna guraljak harby parada gatnaşar diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň sözlerine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Ilçi bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ýazdy. Onuň sözlerine görä, iki halkyň arasyndaky birek-birege aýratyn hormata we ruhy taýdan ýakynlyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň her ýyl rus paýtagtyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Wolynkin,Ýeňiş gününiň däp bolşy ýaly, Türkmenistanda resmi derejede baýram edilýändigini ýatlatdy. Şol gün Aşgabatda we beýleki iri şäherlerde uruş ýyllarynyň aýdymlarynyň konsertleri, muzeýlerde tematiki çykyşlar, sergiler we filmleriň görkezilişleri guralýar. Her ýyl ýurduň ýolbaşçylarynyň, diplomatlaryň hem-de jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Baky şöhrat» ýadygärligine ter gül desseleri goýulýar.

«Bitarap Türkmenistan taryha aýawly çemeleşýän hem-de öz halkynyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy barada hakydany gorap saklaýan nusgalyk döwletdir» diýip, rus ilçisi nygtady.

Ol şeýle-de Türkmenistanyň halkara guramalaryň meýdançalarynda nasizme garşy Russiýanyň öňe sürýän Kararnamalaryny goldaýandygyny belledi. Mysal üçin, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar ýygnagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly taryhy Kararnama kabul edildi. Russiýa Federasiýasy oňa awtordaş bolup çykyş etdi.

Beýik Watançylyk urşuna türkmenistanlylaryň 300 müňüsi gatnaşdy, olaryň 130 müňüsi orden-medallar bilen sylaglandy. Olaryň 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany, 15 adam Şöhrat ordeniniň doly eýeleri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň