Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

17:1405.05.2025
0
21999

Gülistan welaýatynyň halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi öz işine başlady. Bu çäräniň iki ýurduň tehniki, senagat, hyzmat, oba hojalyk we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigini Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Sergi iki ýurduň işewürler toparlarynyň ünsüni özüne çekdi. Oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny görkezýän Türkmenistanyň we Eýranyň söwda wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Sergä gatnaşýan türkmen kompaniýalarynyň arasynda konditer önümlerine ýöriteleşen «Balşeker», şeýle hem konditer önümleri bilen giňden tanalýan «Ak gar» ýaly öndürijiler tapawutlanýarlar. Olardan başga-da, sergä dokma önümlerinden iýmit senagatyna, oba hojalyk harytlaryna çenli önümçiligiň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan köp sanly beýleki türkmen kompaniýalary gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň