Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy

11:0405.05.2025
0
16254

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

BAE-niň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, gazbeton bloklary, buýan köküniň ekstrakty, buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň