Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze Halkara howa menzili açyldy

13:0202.05.2025
0
44366

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Jebel şäheriniň golaýynda gurlan täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolup, sebitiň ulag infrastrukturasynyň üstüni ýetirer hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.

Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Balkanabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän täze desga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Bu toplum «Mollagara» şypahanasyndan bary-ýogy 4 kilometr uzaklykda ýerleşip, şypahanada saglyk bejergisini alýan adamlar üçin ulag elýeterliligini ep-esli ýokarlandyrar.

Habarda bellenilişine görä, howa menziliniň açylmagy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetli şahasy Amul — Hazar bölegi häzirki zaman howa aragatnaşygy görnüşinde gaýtadan dikeldildi: Türkmenabat — Aşgabat — Balkanabat —Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň zynjyry arkaly ýurduň gündogary günbatary bilen birikdirildi. Desganyň geografiki ýerleşişi onuň golaýyndan geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly we demir ýoly bilen amatly baglanyşygy üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde geljekde Jebelde täze demirýol menzilini gurmak hem meýilleşdirilýär.

Döredilen ulag infrastrukturasy sebitiň maddy-tehniki taýdan ösmegi we dünýä bazarlaryna barýan ugurlaryň diwersifikasiýasy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Howa menziliniň 200 tonna çenli ýük götermäge ukyply ýük terminaly harytlary daşamak üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaldar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň