Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň dowamynda birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary berkidýän Teswirnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda üstaşyr daşamalary ösdürmek, multimodal ugurlary giňeltmek, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy hem-de nyrh syýasatyna çemeleşmeleri ylalaşmagy öz içine alýan demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk görkezildi.
Ýeri gelende bellesek, 23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana eden sapary iki ýurduň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi. Saparyň çäginde geçirilen gepleşiklerde Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugrundan peýdalanyp, täsirli ulag we üstaşyr geçelgesini döretmegiň ähmiýeti bellenildi.
Toparyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.