2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sebitinde durnukly ösüş boýunça ilkinji ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi bilen duşuşdy.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar.