Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­niniň önümleri uly islegden peýdalandy

14:1028.04.2025
0
16950

Geçen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 14-si ha­sa­ba alyn­dy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len tap­la­nan ne­bit kok­su­ny, ne­bit ýol bi­tu­my­ny, bin­ýat­lyk ýa­gy, «Türk­men­hi­mi­ýa» we «Türk­men­gaz» döw­let kon­sern­le­ri­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar.

Tür­ki­ýä­niň, Gyr­gy­zys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne nah ýüp­lük ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 5 mil­lion 710 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Ýur­du­ň işe­wür­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 6 mil­lion 362 müň ma­nat­dan gow­rak bo­lan bin­ýat­lyk ýa­gy, ne­bit ýol bi­tu­my­ny («Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni), ga­bar­din ma­ta­sy­ny sa­tyn al­dy­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň