Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň medeniýet ministri Türkiýede YHG-nyň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisine gatnaşdy

00:5028.04.2025
0
12721

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine syýahatçylyk pudagynda YHG-na agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda döwlet tarapyndan goraglylygyna aýratyn üns berilýän amatly ekologiýa we baý ruhy-medeni mirasy bilen täsin tebigy mümkinçilikler ýaly esasy çeşmelere eýe bolan Türkmenistan tarapyndan syýahatçylyk pudagyna strategiki ähmiýet berilýändigini belledi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylygyň ýurduň ykdysady ösüşiniň iň işjeň pudaklaryndan biri bolmak bilen, iş orunlarynyň möhüm çeşmelerinden biri hökmünde durmuş-ykdysady ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin güýçli itergi berýändigi mälim edildi. Ýeri gelende, Erzurumda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisiniň tejribe alyşmak, derwaýys ara alyp maslahatlaşmak we YHG-nyň sebitinde durnukly we gülläp ösýän syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm platforma bolandygyny bellemek gerek.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid, Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda syýahatçylyk pudagyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň