Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan öz okuw merkezini Bütindünýä Gümrük Guramasynyň çäklerinde sebitleýin okuw merkezi hökmünde ykrar etmegi teklip etdi

17:2925.04.2025
0
17143

Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Belgiýanyň Gümrük we aksiz meseleleri baş müdirliginiň Baş direktory Kristian Wanderwaýereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar gümrük ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň milli okuw merkeziniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyja aýratyn üns berildi. Belgiýa tarapy bu teklibi goldap, onuň halkara derejesinde ilerledilmegine ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşykda taraplar tejribe alyşmak, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy we hünärmenleriň taýýarlygy meselelerine aýratyn üns berdiler. Türkmen tarapy Ýewropanyň iň uly logistiki merkezleriniň biri bolan Antwerpen portunda ulanylýan häzirki zaman usullaryna gyzyklanma bildirdi. Ilçi öňdebaryjy dolandyryş modelleriniň, elektron beýanat işleriniň we gözegçilik ulgamlarynyň Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň ösüşi üçin peýdaly bolup biljekdigini belledi.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar degişli edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek hem-de gümrük dolandyryşy boýunça bilelikdäki başlangyçlary goldamak barada ylalaşdylar. Bu bolsa Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň