Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak teklip edildi, Türkmenistanda at çapyşyklarynyň ýeňijilerine Prezidentiň adyndan «Toyota Fortuner» sowgat berler, türkmen pälwanlary Aşgabatda geçirilen milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň netijeleri boýunça 28 medal gazandylar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Samarkantda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.
2. Ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda birnäçe esse ýokarlandy we 1 milliard dollardan geçdi. Taraplar ony 2 milliard dollara çenli artdyrmak barada ylalaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, Gurbanguly Berdimuhamedow bu görkezijini geljekde 5 milliard dollara ýetirmegi teklip etdi.
3. Samarkant şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistanyň Prezidenti bilelikde bag nahalyny oturtdylar.
4. Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, at çapyşygynyň ýeňijisi 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglanar. Sylag Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşurylar. Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.
6. Tebigy gaz emeli aňy ösdürmek üçin artýan energiýa zerurlyklaryny netijeli kanagatlandyryp biler. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Kuala-Lumpurda geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi. Onuň bellemegine görä, emeli aňyň ösdürilmegi durnukly elektrik üpjünçiliginiň zerurlygyny ep-esli ýokarlandyrýar. «Mysal üçin, «ChatGPT-de» ýekeje gözleg «Google» ulgamyndaky gözlegden 10 esse köp energiýa talap edýär. Şeýlelikde, tebigy gaz bu artýan islegi kanagatlandyryp biler» diýip, konserniň ýolbaşçysy belledi.
7. 1 – 3-nji maýda Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäre Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde we «Watan» kinoteatrynda geçiriler. Liwiýanyň ilçihanasy tarapyndan «Turkmenportala» habar berlişi ýaly, 1-nji maýda sagat 16:00-da Şekillendiriş sungaty muzeýinde milli zenan lybaslarynyň sergisi, arap kalligrafiýasynyň we Liwiýa süýjülikleriniň görkezilişi bolar, şeýle hem film görkeziler. 3-nji maýda sagat 19:00-da «Watan» kinoteatrynda liwiýaly we türkmen sazandalarynyň gatnaşmagynda konsert bolar.
https://turkmenportal.com/blog/90355/dni-liviiskoi-kultury-v-ashhabade-proidut-1-i-3-maya
8. 15-nji maýdan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Petekleriň satuwy gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda auh.com.tm saýtynda we «Şäherara bilet» ykjam goşundysynda, şeýle hem Aşgabadyň halkara awtomenzilinde we «Awaza» söwda merkezinde amala aşyrylar.
Dünýäde
1. Ýakynda tamamlanan 47-nji Moskwa halkara film festiwalynda iň ýokary baýraga – «Altyn Keramatly Georgiý» baýragyna «Elizium» atly hindi filmi mynasyp boldy. Filmiň režissýory Pradip Kuruma hem iň gowy režissýorlyk baýragyna mynasyp boldy. Ýeňiji film tomaşaçylary 2047-nji ýyla alyp barýar we bary-ýogy alty adamlyk ilaty galan obanyň wakasyny gürrüň berýär.
2. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet sanly walýutasyny girizmek baradaky kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Respublikanyň Milli banky häzirki wagtda ýurtda resmi töleg serişdesi hökmünde ykrar edilen elektron som çykarmak üçin aýratyn hukugy aldy. Elektron som nagt we nagt däl pullaryň üstüni ýetirip, Gyrgyzystanyň milli pulunyň üçünji görnüşine öwrüler. Sanly pul ýöriteleşdirilen sanly gapjyklarda saklanýan tokenler görnüşinde çykarylar. Elektron som ulanmak üçin Respublikanyň Milli bankynyň ýolbaşçylygynda aýratyn platforma döredilýär.
https://turkmenportal.com/blog/90344/kyrgyzstan-zapustil-nacionalnuyu-cifrovuyu-valyutu
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabatda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň netijeleri boýunça jemi 28 medal gazandylar. Türkmen türgenleri 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular. Halkara ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy, soňra alyş göreşi boýunça hem jemi 14 medal gazandy. Ýewropanyň we Aziýanyň 13 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
2. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri «A» toparçanyň üçünji diwizionynda geçirilen dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynda Lýuksemburgyň toparyndan üstün çykdylar. Stambulda geçirilen duşuşyk 8:3 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşykdan soň Türkmenistanyň topary 9 utuk toplady we ýaryşyň sanawynda salnan şaýbalaryň san tapawudy boýunça diňe öňdebaryjy orny eýeleýän Gyrgyzystanyň toparyndan soň ikinji ýerde barýar. Ýaryşyň oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda Türkiýäniň milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny 7:0 hasabynda ýeňdi, Gyrgyzystanyň hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysyny 5:1 hasabynda ýeňdiler.
https://turkmenportal.com/blog/90369/turkmenistan-razgromil-lyuksemburg-na-chm-po-hokkeyu-v-stambule