Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NATCO Trading FZCO» «QACIS 2025» halkara maslahatynyň altyn hemaýatkäri bolar

10:3424.04.2025
0
21692

Halkara standartlara laýyklykda hil üpjünçiligi boýunça halkara maslahatyň guramaçylyk topary (QACIS 2025) 29-30-njy aprelde geçiriljek çäräniň altyn hemaýatkärligi barada «NATCO Trading FZCO» bilen şertnama gol çekilendigini yglan etdi.

Dünýä bazarynda 10 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan «NATCO Trading FZCO» nebitgaz pudagynda ykrar edilen öňdebaryjy kompaniýadyr. Halkara energetika bazarlary üçin ýokary hilli önümleriň logistika zynjyrlaryny we üpjünçiligini kämilleşdirmäge ýöriteleşen «NATCO» Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Amerika ýaly möhüm sebitlerde üstünlikli iş alyp barýar.

Kompaniýa her ýyl önümçilik pudagyndan saglygy goraýyş, dokma we azyk senagaty pudaklaryna çenli senagatyň dürli ulgamlary üçin 180 000 tonnadan gowrak nebithimiýa we oba hojalyk önümlerini daşaýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary ekologiýa taýdan arassa logistika we ulgamy döwrebaplaşdyrmaga ýyllyk girdejisiniň 6%-ini maýa goýup, innowasion ösüşe we ekologiýa durnuklylygyna aýratyn üns berýärler. Daşamalaryň 95%-niň öz wagtynda gowşurylmagy «NATCO» kompaniýasynyň işewürlik nusgasynyň ygtybarlydygyny we müşderileriň bähbitlerine gönükdirilendigini aýdyň görkezýär.

Kompaniýanyň esasy iş ugry nebithimiýa önümleri (parafin, başlangyç ýaglar, dizel ýangyjy, SUG – suwuklandyrylan uglewodorod gazy) we oba hojalyk pudagy üçin önümler (karbamid, kükürt, ýod erginleri, pagta süýümi, ýüplük, lukmançylyk önümleri) bilen üpjün etmekdir.

Altyn hemaýatkär derejesi bu çäräniň «NATCO Trading FZCO» üçin strategiki ähmiýetini we Merkezi Aziýa bazaryndaky ornuny berkitmek maksadyny görkezýär.

«QACIS 2025» maslahatyna gatnaşyjylara B2B we B2G görnüşinde ikiçäk duşuşyklar arkaly işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň dörediljekdigini bellemek gerek.

Goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • telefonlar: (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88;
  • elektron poçta: qacis@turkmenexpo.com;
  • web-saýt: qacis.turkmenexpo.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň