Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýigit» kompaniýasy Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljek hil boýunça halkara maslahatyň kümüş hemaýatkäri bolar

09:4624.04.2025
0
22896

Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa gök önümleri öndüriji «Ýigit» kompaniýasy 29-30-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek «QACIS 2025» halkara maslahatynyň («Türkmenistanda halkara standartlara laýyklykda hil üpjünçiligi») kümüş hemaýatkäri hökmünde yglan edildi.

Hemaýatkärlik derejesi «Ýigit» kompaniýasynyň ýurduň obasenagat toplumyna halkara hil standartlaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy ornuny pugtalandyrýar. 2023-nji ýylda kompaniýa abraýly «GLOBAL G.A.P.» güwänamasyna (Good Agricultural Practices) eýe boldy, bu bolsa onuň önümleriniň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we işçileriň abadançylygy babatda berk talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýar.

«GLOBAL G.A.P.» standarty boýunça güwänama mynasyp bolmak kärhanamyzyň ösüşinde möhüm ädim boldy we türkmen oba hojalyk önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açdy» diýip, kompaniýanyň wekilleri bellediler.

«Ýigit» kompaniýasynyň «QACIS 2025» maslahatyna gatnaşmagy kompaniýanyň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny we halkara tejribesiniň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagyna goşant goşmak maksadyny görkezýär. Ýurtda ilkinji gezek geçirilýän şeýle görnüşli çäre pudagyň wekilleriniň, kadalaşdyryjy edaralaryň we halkara bilermenleriň arasynda dialog üçin meýdança bolmak üçin niýetlenendir.

Halkara standartlara laýyklykda hil üpjünçiligi boýunça maslahat Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler. Has giňişleýin maglumatlary (+993 71) 87 18 14, (+993 63) 71 95 88 telefon belgilerinden, qacis@turkmenexpo.com elektron poçta ýa-da çäräniň qacis.turkmenexpo.com resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň