Bakuwda Türk dünýäsiniň agzybirlik güni belleniler. Bu barada kabar.kg saýty habar berdi.
Habar berlişine görä, 3-nji maýda Baku şäherindäki M.Magomaýew adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň binasynda Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasy hem-de Azerbaýjan filarmoniýasynyň guramagynda Türk dünýäsiniň agzybirlik gününe bagyşlanan «Agzybirlik ruhy» atly konsert geçiriler.
Konsertde Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Wengriýa we Özbegistan ýaly döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň kompozitorlarynyň eserleri hem-de halk aýdymlary ýerine ýetiriler.
Ýeri gelende bellesek, Türk dünýäsiniň agzybirlik güni 1944-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.