25-nji aprelde Azerbaýjanda Türkmenistanyň söwda meýdançasy işe başlar. Bu barada «Okuklu» holdinginiň esaslandyryjysy Ýylmaz Okuklunyň sözlerine salgylanyp, «Report» ýazýar.
Azerbaýjanda 25-nji aprel güni bäş döwletiň söwda öýleriniň we söwda wekilhanalarynyň açylmagy meýilleşdirilýär diýlip habarda bellenilýär.
Ýylmaz Okuklunyň aýtmagyna görä, «Türk Söwda Merkeziniň» (Türk Ticaret Merkezi) çäginde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň söwda meýdançalary işe başlar.
Bellenilişine görä, bu söwda öýleri agzalan ýurtlaryň önüm öndürijilerine azerbaýjan bazarynda önümlerini tanatmak üçin platforma bolup, bu ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna kömek eder.
«Taslamanyň esasy maksady eksportyň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň, dokma önümleriniň, el işleriniň we sebitde öňden bäri isleg bildirilýän ýokary hilli beýleki harytlaryň söwdasynyň ösdürilmegine ýardam bermekdir» diýip, Okuklu belledi.