Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan 320 tonnadan gowrak ýer hozuny Türkmenistana eksport etdi

16:1118.04.2025
0
29802
Özbegistan 320  tonnadan gowrak ýer hozuny Türkmenistana eksport etdi
Surat: Stat.uz

Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Özbegistandan ýer hozuny import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy.

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurtdan 321,2 tonna ýer hozuny satyn aldy. Netijede, şu ýylyň deslapky üç aýynda Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden ýer hozunyň 7,4 Türkmenistanyň paýyna düşýär. Umuman alnanda, ýylyň başyndan bäri, Türkmenistan Özbegistandan iň köp ýer hozuny satyn alan bäşinji döwlet boldy.

Sanawyň ilkinji bäşliginde Türkmenistandan bilen bir hatarda Gazagystanyň (1,8 müň tonna), Azerbaýjanyň (531,4 müň tonna), Pakistanyň (496,9 tonna) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (374,2 müň tonna) ady bar.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — mart aýlarynda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 4,3 müň tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 4,1 million amerikan dollaryna deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň