«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Aşgabat — Stambul — Moskwa ugry boýunça Moskwa uçmagyň mümkinçiligi barada ýatladýar. Bu ugur ýolagçylara Stambulda tranzit nokadyny ulanmak bilen, Russiýanyň paýtagtyna ýeňillik bilen barmaga mümkinçilik berýär.
«Turkish Airlines» müşderilerine syýahatynyň dowamynda mümkinçilikleriň giň toplumyny we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Ýolagçylar uçuşlaryň amatly tertipnamalaryndan, oňaýly uçarlardan hem-de uçaryň içinde dürli hili nahar görnüşlerinden peýdalanyp bilerler.
Has anyk maglumatlary almak üçin ýolagçylar G.Kulyýew köçesiniň 39-njy jaýynda, «Ussat» binasynda ýerleşýän «Turkish Airlines»-yň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin:
- elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
- web saýty: turkishairlines.com.