Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň buýrugy bilen ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşleri we ekologiýa taýdan howply obýektleriň sanawy tassyklanyldy. 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda çykarylan 29-Ö belgili buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy martynda 1871 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Bu resminama 2019-njy ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 4-nji bendine laýyklykda taýýarlandy.
Ekologiýa taýdan howply işlere we ekologiýa taýdan howply obýektlere nebiti we gazy çykarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa we nebithimiýa önümçilikler degişlidir.
Kanunyň doly tekstini şu baglanyşyk arkaly okap bilersiňiz.