Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan näsag çagalar üçin birnäçe operasiýa edildi

12:2402.04.2025
0
23546

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurduň dürli sebitlerinde ýaşajyk türkmenistanlylaryň birnäçesine saglygy dikeldiş, bejeriş işleri geçirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, hususan-da:

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy, daýanç-hereket ulgamynyň keselinden dogabitdi ejir çekýän Mähriban Hallyýewa ortopediki-hirurgik operasiýa ýerine ýetirildi. Şeýle görnüşli bejergi «akylly» şäheriň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Ahal welaýatynyň 5 ýaşlyja ýaşaýjysy Süleýmangeldi Hudaýberdiýewe hem berildi.

Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Ahal welaýatynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy, daýanç-hereket ulgamynyň keselinden dogabitdi ejir çekýän Dawutmyrat Halykmyradow ortopediki-hirurgik operasiýa edildi. Kelle-beýniniň dogabitdi kemisligi, oklýuzion gidrosefaliýa kesel kesgitlemesi bolan, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, 7 aýlyjak Alymät Geldimedowa neýrohirurgik operasiýa ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 1 ýaş 3 aýlyjak Öwez Azadow hirurgik operasiýa edildi.

Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynda göbek ingisi kesel kesgitlemesi bolan, welaýatyň 3 ýaşly ýaşaýjysy Döwletmyrat Döwletmyradowa hirurgik operasiýa geçirildi. Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde 15 ýaşly Maksat Maşaripowa neýrohirurgik operasiýa hem-de 9 ýaşly Şazada Guladowa hirurgik operasiýa ýerine ýetirildi.

Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde welaýatyň sag tarap gasyk ingisi bolan ýaşaýjylary — 5 ýaşly Medet Kojaşewe hem-de 9 ýaşly Eldar Dädebaýewe hirurgik operasiýalar edildi. Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde gasyk ingisi bolan, welaýatyň 11 ýaşly ýaşaýjysy Kerwen Ahmedowa hirurgiki operasiýa, şeýle hem sag taraplaýyn kriptorhizm kesel kesgitlemesi bolan, Lebap welaýatynyň 10 ýaşly ýaşaýjysy Nuraly Derýaýewe hirurgik operasiýa geçirildi.

Mary welaýat çagalar hassahanasynda hem sag tarap gasyk ingisi bolan 7 ýaşly Orazsähet Poladowa, sag taraplaýyn gidrosele keseli bolan 6 ýaşly Bezirgen Begençmyradowa, dowamly gipertrofik follkulýar tonzillit kesel kesgitlemesi bolan 7 ýaşly Şirin Şöhradowa hirurgik operasiýalar ýerine ýetirildi. Bejergileri alan çagalaryň ählisiniň saglyk derejeleri kanagatlanarly ýagdaýda.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň saglygy goraýyş merkezlerine, hassahanalaryna sowgat berlen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlaryny ulanmak arkaly bejergi alan çagajyklaryň ene-atalary öz perzentleriniň saglyklaryny bejerdip, olaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary ugrunda edýän yzygiderli aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna alkyş aýdýarlar.

Belläp geçsek, döredileninden häzirki wagta çenli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurduň halkara lukmançylyk merkezlerinde we beýleki saglygy goraýyş edaralarynda çagalara 500-den gowrak operasiýa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň