Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» ABŞ-da «Miles&Smiles» kredit kartlarynyň üstünlik gazanmagyny belleýär

11:0002.04.2025
0
20000

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Miles&Smiles Premier Visa Signature®» kredit kartlary maksatnamasynyň uly üstünlik gazanandygyny yglan etdi. Işe girizilen döwründen bäri ilkinji dokuz aýda 10 000 kart çykaryldy, bu bolsa kompaniýanyň garaşyşyndan hem has ýokary boldy.

«Miles&Smiles Premier Visa Signature®» kartlary «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ABŞ-nyň çäginde çykaran ilkinji kredit kartlary boldy. Olar «Miles&Smiles» maksatnamasynyň agzalaryna mil toplamak we artykmaçlyklardan peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilikleri hödürleýärler.

ABŞ-da işleýän «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň işgärleri karty tölegsiz resmileşdirip, maksatnamasynyň ähli artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Awiakompaniýa işgärlerine we ýolbaşçylaryna taslama goldaw berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu üstünlik «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ABŞ-daky bazaryndaky ornuny giňeltmegi we müşderiler bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýakynda Stambul – Aşgabat – Stambul ugry boýunça uçuşlarynyň artdyryljakdygyny habar berdi.

Goşmaça maglumat almak we biletleri bronlamak üçin «Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz:

  • salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com.

Satyş bölümi duşenbe – anna günleri sagat 09:00-dan 17:00-a çenli işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň