Gruziýanyň saglygy goraýyş ministri Mihail Sarjweladze Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow bilen duşuşyk geçirdi.
«Duşuşykda Mihail Sarjweladze türkmen kärdeşlerini Gruziýada saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek we onuň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän häzirki özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, bu ugurda tejribe alyşmagy, bilelikdäki taslamalary we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar» diýip, Gruziýanyň Saglygy goraýyş ministrligiň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.
Ýeri gelende bellesek, Gruziýanyň saglygy goraýyş ministri Mihali Sarjweladze Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanylyp 29-njy martda Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata hem gatnaşdy.