Türkmen topragy Merkezi Aziýanyň iň gadymy ekerançylyk ojaklarynyň biri hasaplanýar. B.e.öň VI müňýyllykda, ýagny neolit döwründe, Köpetdagyň eteklerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalar ýaşapdyr.
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň dowamynda palçykdan ýasalan köp sanly zenan şekilli heýkeljikler tapyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär.
Altyndepe ýadygärliginden tapylan palçyk heýkeljikleriniň biri zenan şekillidir. Ol başyna täç görnüşli başgap geýen, beden bölegi şahajyklar bilen bezelipdir we ýüzüne düşüp duran uzyn, tolkunly saçlar şekillendirilipdir.
Heýkeljikde şahalaryň ýerleşdirilişi zenan şekiliniň bereketiň howandary hökmünde kabul edilendigini görkezýär. Alymlaryň pikiriçe, şol döwürde zenan heýkeljikleri ýasalanda palçyga bugdaý ýa-da beýleki däneleri goşupdyrlar. Munuň bilen olar maşgalanyň agzybir we köp çagaly bolmagyny arzuw edipdirler. Edil topraga däne ekilip, bol hasyl garaşylyşy ýaly.
B.e.öň IV-II müňýyllyklara degişli arheologik ýadygärliklerden tapylan heýkeljikler türkmenleriň ata-babalarynyň dini düşünjelerinde zenan hudaýyň orun tutandygyny görkezýär.
Taryhda türkmen zenanlarynyň görnükli wekilleri bolup ýaşap geçen Tumar şanyň, Zarina, Banu Çeçek, Burla hatyn, Agaýunus, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Gülbeden Begim, Jahan hatyn ýaly edermen zenanlar diňe bir gahrymançylyk häsiýetleri bilen däl, eýsem, milli medeniýetde hem öçmejek yz galdyrypdyrlar.
«Ata-babalarymyzyň «miras atadan ogla, ejeden gyza geçer» diýen asylly ýörelgesine esaslanyp, olar maşgalada terbiýä aýratyn ähmiýet beripdirler. Gadymy türkmen zenanlarynyň nusgawy häsiýetlerini özünde jemleýän häzirki zaman türkmen zenanlary hem Watana bolan söýgüniň, milli däp-dessurlara hormatyň esasynda ösüp gelýän nesli terbiýelemekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler» diýip, A. Nurgeldiýewa öz makalasyny jemleýär.